Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistan – Mawrikiý Respublikasy: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

27.08.2024

126

Türkmenistan – Mawrikiý Respublikasy: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Heswar Jankeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmak boýunça özara pikir alyşmalar boldy hem-de birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususanda, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň çäklerinde, biziň ýurdumyzda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, şol sanda ynanyşmak, jebislik we dostluk köprüsi bolup hyzmat edýän bilim ulgamynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigi bellenip geçildi.

Hormatly Ilçi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gurluşy, onuň hukuk binýadynyň dünýä ülňülerine laýyk ösdürilmegi üçin kabul edilen konsepsiýalar, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, halkara hyzmatdaşlygynda gazanylýan üstünlikler barada tanyşdyryldy.

Ilçi öz gezeginde Mawrikiý Respublikasynyň bilim ulgamy barada gürrüň berip, Türkmenistan bilen hem geljekde bu ugurda gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirilýändigini habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda beýan edilen teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmak üçin geljekde netijeli hyzmatdaşlyga ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address