
News
99

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 16.08.2024 ý. senedäki № 267 belgili “Okatmagyň innowasion usulyýeti we tehnologiýalary boýunça seminarlary geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” buýrugy esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde Merkeziň we Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky bölüminiň ýolbaşçysy, mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleriň gatnaşmagynda okuw seminary geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.Hanmuhammedow maslahaty açyp, “Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipelerini öňe sürýär” diýip belledi. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ony halkara standartlaryna getirmek üçin alyp barýan syýasatynyň, işleriniň çäksiz wajyplygyny belledi. Aýratyn hem, täze 2024-2025-nji okuw ýyly üçin okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan «Bilim» syýasatynyň ýerine ýetirilmegine goşant goşmak merkezimiziň hem esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.
Maslahatda esasan merkez we merkeziň Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky bölümi boýunça täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar we meýilleşdirilýän çäreler barada ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda merkeziň baş hünärmeni G.Baljikowa hem täze okuw ýyly üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 16.08.2024 ý. senedäki № 267 belgili “Okatmagyň innowasion usulyýeti we tehnologiýalary boýunça seminarlary geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” buýrugy bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Şeýle hem merkeziň täze okuw ýyly boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän seminarlaryň doly okatmagyň innowasion usulyýeti we tehnologiýalary boýunça seminarlary geçirmegiň tertibine laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady. Şeýle hem, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 21.08.2024 ý. senedäki № 274 belgili “Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynda elektron mekdep (“e-Mekdep”) dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak we peýdalanylyşynyň tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de gözegçiligi güýçlendirmek hakyndaky” buýrugy bilen Elektron mekdep dolandyryş ulgamynyň düzgünnamasynyň tassyklanylandygy barada aýdyp geçdi.
Şeýle-de maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri O.Matalowa mugallymçylyk bilimli işgärleriň pedagogikanyň öwrenmekleriniň wajyplylygy, onuň okuw prosessine göniden-göni öz täsirini ýetirýändigini nygtady. Şeýle-de halypa mugallym ýaş hünärmen mugallymlara okuw işinlerinde pedagogika we psihologiýa degişli öz ündew-maslahatlaryny berdi.
Mundan başga-da maslahata gatnaşyjylar merkeziň işini has-da kämilleşdirmek, diňleýjilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak meýilleşdirilýän çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin agzybir zähmet çekmegi barada bir agyzdan ylalaşdylar.
Maslahata gatnaşanlar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri we iň täze innowasion tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.