Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde okuw seminary geçirildi

19.08.2024

84

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde okuw seminary geçirildi

Awgust aýynyň 17-ne, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmäge, şeýle hem orta hünär okuw mekdeplerinde bilim işiniň guralyşyny, olarda ýerine ýetirilýän okuw, okuw-usuly, ylmy-barlag we tejribe-amaly işleri kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy namalary tanyşdyrmaklyk boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde okuw seminary geçirildi. Okuw seminaryna Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.Hanmuhammedow, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň baş hünärmeni D.Ilmyradow, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy D.Muhammedow, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň direktorlarynyň orunbasarlary we hünärmenleri gatnaşdylar. Okuw seminarynyň dowamynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmek, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilmeli çäreler şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerinde bilim işiniň guralyşyny, olarda ýerine ýetirilýän okuw, okuw-usuly, ylmy-barlag we tejribe-amaly işleri kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kabul edilen täze kadalaşdyryjy namalary bilen tanyşdyrmak barada meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw seminaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň başlygynyň orunbasary B.Saryýew açyp, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça işleri alyp barmak, bilim edaralarynyň binalarynda abatlaýyş işleriniň geçirmek bilen bagly berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini belledi.

Mundan başga-da «Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda» hem-de «Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda» düzgünnamalaryň binýadynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hem-de Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň degişli IT hünärmenlerinden we mugallymlaryndan düzülen topar tarapyndan ýörite programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi we bu programma üpjünçiliginiň orta hünär okuw mekdeplerine muzdsuz esasda ýörite tassyklanan meýilnama esasynda 2024-nji ýylyň 19-23-nji awgusty aralygynda ornaşdyryljakdygy mälim edilip, gatnaşýanlara bu degişli taýýarlyk işleri görmegi tabşyryldy.

Okuw seminarynyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hem-de Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň degişli IT hünärmenleri we mugallymlary taýýarlanan programma üpjünçiliginiň işleýiş düzgünleri bilen okuw seminaryna gatnaşanlary tanyşdyrdylar we giňişleýin teswirnama berdiler. Şeýle-de okuw seminarynyň dowamynda okuw seminaryna gatnaşan orta hünär okuw mekdepleriniň direktorlarynyň orunbasarlarynyň we degişli hünärmenleriniň özlerini gyzyklandyrýan dürli sowallaryna jogap berildi.

Okuw seminary jemlemek bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň başlygynyň orunbasary ýurdumyzy gülledip ösdürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek babatynda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address