Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Large-scale exhibition and fair Kids Expo: everything for a happy childhood

19.08.2024

153

Large-scale exhibition and fair Kids Expo: everything for a happy childhood

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar nesillerimiziň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin ähli amatly durmuş şertleri döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda,  2024-nji ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär.

Şu gün «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasy «Garagum» myhmanhanasynyň arkasyndaky açyk ýerde wagtlaýyn guralan sergi meýdançasynda geçirildi. Sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Ilçihanalarynyň we guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasy Hormatly Prezidentimiziň «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda Hormatly Prezidentimiziň bu halkara çäresine gatnaşyjylara iberen gutlagynyň okalmagy bilen başlandy.

Bu halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileri çagalar, okuwçylar we talyplar üçin harytlaryny hödürlediler.

Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin tälim beriji ussatlyk sapaklaryň we bäsleşikleriň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler hem-de meşhur modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini gurnamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan sergi-ýarmarkasynyň çäginde pawilýon gurnalyp, onda täze okuw maksatnamalaryna laýyklykda taýýarlanylan okuw kitaplary, robototehnika boýunça mekdep okuwçylarynyň taýýarlan robotlary,  bilim ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän rolik görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatynda ýola goýan taryhy başlangyçlaryny dowam etdirýän Hormatly Arkadagly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň möçberli alnyp barylýan işleriň, maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmak, elektron senagaty döretmek we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek sanly özgertmeleriň bütindünýä derejesinde we ýokary tizlik bilen ýaýran döwründe gaýragoýulmasyz meseledir.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ähli ulgamlaryň sanlylaşdyrylmagyny ýola goýmakda alnyp barylýan giň gerimli işleriň birnäçesinde öz goşantlaryny goşmak bilen, dürli edara-kärhanalara sanly hyzmatlar bilen bagly iş ýüzünde durmuşa geçirip, toplan tejribesi esasynda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň elýeterliligini artdyrmak we ýeňilleşdirmek maksady bilen döwrüň talabyna laýyklykda sanly hyzmatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek we sanyny artdyrmak üçin Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Meýilnamasy (9-njy bendi - bilim edaralarynyň arasynda bitewi bilim toruny tapgyrlaýyn döretmek, 13-nji bendi - görkezilen bilim edaralarynyň okuw işini yzygiderli elektronlaşdyrmak), kiberhowpsuzlygy üpjün etmegiň Maksatnamasy boýunça bilim ulgamynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynda okuwçylara bilim beriş prosessi we mugallymlaryň, hünärmenleriň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan e-Mekdep ulgamy önümçilige ornaşdyryldy. Bu ulgam 2021-nji ýylda işe girizildi we häzirki wagtda ol mekdep.edu.tm salgyda ýerleşdirilip, onuň esasy wezipesi häzirki zaman bilim ulgamyna degişli bolan, halkara derejedäki soňky innowasion täzelikleri, bilim almagyň innowasion usullarynyň beýanyny, bilim edaralarynyň bilim platformalaryna we saýtlaryna bir penjireden ýüzlenmegini üpjün etmek, şeýle-de ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan özgerişler baradaky maglumatlary özünde jemleýän bitewi bilim portalynyň funksiýasyny ýerine ýetirmekdir. e-Mekdep ulgamynyň esasy ähmiýetli taraplary: bilim beriş prosessi awtomatlaşdyrmak, kagyz işleri azaltmak, ýaşlaryň bilim analitikasy kämilleşdirmek, pedagog mugallymlaryň sanly bilim boýunça ukyp-başarnyklaryny döwrebaplaşdyrmak bolup durýar.

Bilim ministrliginiň pawilýonynda myhmanlar üçin “Merkezleşdirilen sanly bilim ulgamynyň” hem-de “E-bakja platformasynyň” tanyşdyrylyşy görkezildi. 

Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan 2023-nji ýyldan başlap,  Elektron çagalar bagy ulgamynyň (e-Bakja) nusgawy görnüşi işe girizilip başlady. e-Bakja ulgamyň esasy wezipeleriniň biri, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly, çagalar bagynyň müdirleriniň, terbiýeçileriniň işlerini, hem-de ene-atalarynyň öz perzentleriniň çagalar baglarynda geçirýän wagtlary baradaky has anyk maglumatlar bilen üpjün edilişlerini has-da kämilleşdirmek bolup durýar. Elektron çagalar bagy ulgamynyň üsti bilen ene-atalar öz çagalarynyň çagalar bagy üçin töleg pullaryny geçirmek bilen bilelikde, olaryň gatnaşyklaryny, ders meýilnamalaryny, hepdelik gün tertiplerini we iýmit meýilnamalaryny görüp bilerler. Bu ulgamyň işe girizilmegi arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan kämilleşdirmeler baradaky syýasatdan ugur alýan bitewi bilim portalynyň funksiýasyny ýerine ýetirmelidir.

Innowasiýa maglumat merkezi  tarapyndan iki ulgamyň hem raýatlarymyzyň arasynda ulanylyşyny has-da netijelendirmek hem-de olary mahabatlandyrmak  maksady bilen umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynyň we mekdebe çenli çagalar bagy edaralarynyň mugallymlary we hünärmenleri üçin tölegsiz esasda e-Mekdep we e-Bakja ulgamlaryň işlenilişi öwredildi, okuwçylaryň, mugallymlaryň ders reje maglumatlary importlandy, girizildi we seljerildi.

Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan “Sanly bilim” atly “Merkezleşdirilen sanly bilim ulgamy” platformasy işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynyň web-saýtlarynyň ssylkalaryny, hyzmatlaryny bir portalda jemlemek bolup durýar. Ýagny sanly bilim ulgamyna degişli ähli täzelikler, maglumatlar we hyzmatlar bir ýerde jemlenen ýagdaýda ýurdumyzyň raýatlaryna elýeterli bolýar.

“Merkezleşdirilen sanly bilim ulgamy” platformasynyň doly güýjünde işlemegi netijesinde, ýurdumyzyň raýatlary milli bilim ulgamynda bolup geçýän özgerişleri, täzelikleri, maglumatlary, gazanylýan üstünlikleri öz wagtynda takyk maglumatlar we kepillikli usul bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder. Netijede bolsa türkmen ýaşlarynyň bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga höwesi has-da ýokarlanar, ylmy-tehniki ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş türkmenistanlylaryň täze neslini kemala getirmek üçin şert dörär.

Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň dowamly kämilleşmegi netijesinde, yzygiderli ornaşdyrylan sanly bilim hyzmatlar bilen tanyşdyrmak, olary peýdalanmaga bolan islegiň artmagyna we kanagatlandyrylmaga, netijede bolsa döwrebap sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýan ukyply ýaşlaryň kemala gelmegine we olaryň sanyny artdyrmaga kepillik bolar.

“Merkezleşdirilen sanly bilim ulgamy” platformasynyň netijesinde, ýurdumyz milli bilim ulgamynyň potensialyny dünýä ýüzüne görkezmek we tanatmak, olary dünýäniň öňdebaryjy we abraýly sanly maglumat platformalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hem mümkin bolar. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy has-da artdyrmaga we berkitmäge itergi berer.

Şeýle hem “Merkezleşdirilen sanly bilim ulgamy” platformasy, ýurdumyzyň we daşary ýurt sanly platformalarynda Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli we bilim ugrundan çap edilýän sanly maglumatlaryň merkezleşdirilmegi esasynda gözegçiligi güýçlendirer, dolandyrmagy ýeňilleşdirer we maglumat önümçiligini has-da netijelendirer.

“Merkezleşdirilen sanly bilim ulgamy” platformasynyň düzüminde bolan ýörite “monitoring merkezinde” maglumatlara baý bolan interaktiw hasabatlar we sanly gurallar elýeterli bolup, dürli görkezijiler esasynda çap edilen islendik maglumatlaryň okalşyna, peýdalanylyşyna we olara bolan isleglerine has-da netijeli gözegçilik etmäge we işleri has-da netijeli guramaga mümkinçilik döreder.

Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri üçin niýetlenen sergi bilen tanyşmak hem-de çäräniň dowamynda geçiriljek dürli görnüşli bäsleşiklere her gün 150 çaga we olara jogapkär mugallymlar gatnaşarlar.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address