Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Talyplar üçin: Türkmenistanda okuw tölegiňizi e.gov.tm portaly arkaly onlaýn töläp bilersiňiz

14.08.2024

197

Talyplar üçin: Türkmenistanda okuw tölegiňizi e.gov.tm portaly arkaly onlaýn töläp bilersiňiz

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary öz okuwlarynyň töleglerini e.gov.tm döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn töläp bilýärler.

Bu hyzmat "Onlaýn hyzmatlar" / "Bilim ulgamy" / "Talyplar tölegi" bölüminde elýeterli bolup, "Altyn Asyr" bank karty ulgamynyň plastik kartlary bilen töleg geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bu hyzmaty ulanmak üçin talyplar öz okuw jaýynyň buhgalteriýasyndan alan maglumatlary ulanyp, portalda şahsy hasabyna girmeli. Töleg baradaky maglumatlary dolduryp we bank kartynyň maglumatlaryny girizenden soň, töleg amala aşyrylar. Hyzmaty ulanmak üçin bank kartynyň SMS-habarlaşmagyň birikdirilen bolmagy zerurdyr.

Türkmen we rus dillerinde elýeterli bolan, amatly interfeýsli we mobil goşundyly bu portal raýatlaryň döwlet edaralary bilen aragatnaşygyny ep-esli ýeňilleşdirýär. Okuwy onlaýn tölemek barada goşmaça maglumat almak üçin 48-00-65 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address