
News
125

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde jemi 54 sagatdan ybarat bolan «Innowasion kompýuter tehnologiýalary» kursuň «Adaty» derejesi ugry boýunça tölegsiz esasda okuwlar geçirildi.
Pensiýa ýaşdaky raýatlarymyz gurnalýan bu okuw kurslarynyň alnyp barylyşyndan we mugallymlaryň bilim derejesinden örän hoşaldygyny aýtdylar. Bu ýerde olar sanly bilim boýunça ukyplaryny artdyrman, täze dostlukly gatnaşyklary hem döretdiler. Merkez tarapyndan bu kursyň diňleýjileri üçin dynç alyş salkymynda çaý-kofe ýaly içgiler we süýjilik tagamlary hödürlenildi.
Okuw kursuny üstünlikli tamamlan pensiýa ýaşdaky raýatlarymyza Döwlet derejesindäki şahadatnamalar gowşuryldy. Olaryň arasynda Mämmedowa Galina Alekseýewna aýratyn tapawutlandy. Oňa okuw merkezi tarapyndan Minnetdarlyk Haty gowşuryldy.
Tölegsiz esasda geçirilen okuw kursy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň milli bilim ulgamyny özgertmekde, hususan-da sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.