Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Russiýanyň mekdep okuwçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga geldiler

02.08.2024

95

Russiýanyň mekdep okuwçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga geldiler

Ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary şu ýylyň 1-10-njy awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alyşda bolarlar.

Mälim bolşy ýaly, bu Halkara ders olimpiadasyna ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden – Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkiýe Respublikasyndan okuwçy ýaşlaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara ders olimpiadasynda birinji orna eýe bolan okuwçylaryň toparyna medallar, Diplomlar, Noutbuk kompýuter we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş-dikeldiş merkezine 10 günlük ýollanma berildi.

Şu gün bolsa Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary üçin şol arzyly pursat gelip ýetdi. Olar Hazaryň kenarynda dynç almak üçin ýurdumyza geldiler. Dostlukly ýurduň zehinli ýaşlaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli garşylanyldy. Şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenen garşylanyş dabarasy russiýaly mekdep okuwçylarynyň begenjini belende göterdi.

Bu ýerde ýaş ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Milli sungatyň ýaş ýerine ýetirijileriniň belent ruha beslenen aýdym-sazlary dost-doganlyk gatnaşyklarynyň senasy bolup ýaňlandy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address