Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ylmy ýygyndy neşir edildi

12.09.2024

149

Ylmy ýygyndy neşir edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp taýýarlanylan «Sagdynlyk we ruhubelentlik – döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy resmi neşir edildi. Ylmy ýygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň, ylym-bilim edaralarynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň taýýarlan ylmy makalalary girizildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, adamyň hereketde bolmagynyň,  zähmetsöýerligiň peýdalarynyň, türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň öwrenilişi, türgenleri taýýarlamakda, ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemekde ussat şahyryň öňe süren pikirleriniň, çuňňur manyly goşgularynyň ähmiýetini beýan edýän ylmy makalalar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, sport tälimçilerine, hünärmenlerine we türgenlere, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Çeşmesi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address