
News
89

Şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi. Maslahata BMG-niň Türkmenistandaky ýerli wekilleri, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon, Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýaş ilçileri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri hem-de Lebap welaýatynyň ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler howanyň üýtgemegi we klimat bilen bagly meseleleri çözmekde BMG-niň alyp barýan işleri we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm orny, şeýle-de institutyň degişli ugur bilen bagly meseleleri öwrenmekde alyp barýan işleri barada aýratyn nygtap geçdiler. Umumy mejlisden soňra maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. Bölümçelerde çykyş edenler howanyň üýtgemegi hem-de Aralyň meseleleri sebäpli Lebap welaýatynyň tebigy zolaklarynda biodürlüligi goramak, sebitde seýrek duş gelýän görnüşleri öwrenmek we olary goramak, ekologik deňagramlylygy saklamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýaşlara orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda ekologik bilim-düşünje bermegiň netijeli usullary, bu usullary durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler dogrusynda pikir alyşdylar.
Maslahatyň ýapylyş dabarasynda bölümçelere ýolbaşçylyk eden bilermenler seredilen meseleler we gazanylan netijeler dogrusynda çykyş etdiler. Bellenilen meseleler boýunça çykyş edenleriň we gatnaşan ýaşlaryň teklipleri alyndy hem-de bu teklipleri Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Beýannamasyna goşmak meselesine seredildi.
Şeýle hem okaň: Orient.tm
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýaşlar syýasaty bölümi