
News
76

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2024-nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde bütin türkmen halkymyza üstünlikleri hem-de şowlulyklary getirişi ýaly, meniň durmuşymda hem begençli pursatlara beslendi.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-13-i aralygynda Gazagystan döwletiniň Astana şäherinde geçirilýän Bütindünýä çarwadarlar oýny ýaryşyna türkmen türgenleri bilen bilelikde maňa-da gatnaşmak bagty miýesser boldy. Bu dabaranyň açylyşyna hut Gahryman Arkadagymyzyň özüniň gatnaşmagy türkmen türgenleriniň ruhuny has-da belende göterdi. Ol ýaryşda men Kuraş göreşi boýunça 81 kg agramda çykyş edenleriň arasynda II orny eýeläp, kümüş medala miýesser bolmak bilen, Watanymyzyň tuguny bütindünýä sport türgenleriniň öňünde ýene-de bir gezek belende göterdim. Bu ýagdaý meni çäksiz guwandyrdy we buýsandyrdy. Meniň bu gazanan netijäm tutuş türkmen halkymyzyň üstünligi . Ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyzy guwandyryp biljek elimden gelen sowgat hasaplaýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýagdaýyny üpjün etmek, türkmen ýaşlarynyň hem bütindünýä ýaryşlarynda mynasyp orunlary eýeläp, Watanymyzyň tuguny belentde parlatmak ugrunda alyp barýan uly tagallalaryna berýän minnetdarlyk jogabym diýip bilýärin. Mundan beýläk hem bütindünýä sport meýdanynda ýeňişli orunlary eýeläp halkymyzy guwandyrmagy maksat edinýärin.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýädäki abraýy mundan beýläk hem belent bolsun! Onuň gülläp ösmegi, halkynyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda çäksiz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Alyp barýan il bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri barha rowaç alsyn!
Daýanç Ömirow
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 22-nji
orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy