Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi açyldy

17.07.2024

124

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi açyldy

2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi açyldy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly, serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri, telekeçiler, Özbegistan Respublikasynda akkreditlenen dilpomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Sergi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazanan üstünliklerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini we onuň geljegi uly bolan ugurlaryny aýdyň görkezýär. Sergide myhmanlar 13 sany döwlet edarasynyň we dürli ugurlar boýunça 60 sany türkmen kärhanalarynyň hem-de kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, dokma önümleri, gurluşyk önümleri, öý we senagat üçin niýetlenen himiki serişdeleri, azyk önümleri we ş.m. görmek bolýar.

Şeýle hem bu sergi görkeziş meýdançalary, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga gönükdirilen işewür duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçiriljek ýeri bolup hyzmat eder.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address