Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýaşlaryň howanyň  üýtgemegine garşy maslahatlary gyzgalaňly dowam edýär

09.09.2024

99

Ýaşlaryň howanyň  üýtgemegine garşy maslahatlary gyzgalaňly dowam edýär

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahat Mary welaýatynyň işjeň ýaşlaryna ekologiýa bilen bagly ählumumy soraglary özara maslahat etmäge we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri bilelikde çözmeklige mümkinçilik döretdi.

Geçirilen Ýaşlar maslahatyna ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň wekili hanym Jalpa Ratna, Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça: “Syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler” atly maksatnamasynyň müdiri hanym Karolina Milow, Mary welaýatynyň 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlary, Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýaş ilçileri, degişli halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak hem-de Energetika ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Umumy mejlisden soňra maslahat ýaşlaryň işjeň toparlara bölünmegi arkaly bölümçelerde dowam etdi. Onuň dowamynda kärhanalaryň parnik gazlaryny bölüp çykarmagyny azaltmak, energiýa babatynda ekologiýa taýdan arassa çeşmelere geçmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda jemgyýetiň maglumatlylygyny ýokarlandyrmak, energiýany tygşytlamak we durnukly durmuş ýörelgesini alyp barmak, energiýa üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrýan akylly-torlary we täze döwrebap tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak ýaly ugurlar, şeýle-de Türkmenistanda Gün we ýel energetikasyny ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Bellenilen meseleler boýunça ýaşlaryň teklipleri alyndy hem-de olary Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Beýannamasyna goşmak meselesine seredildi.

Şeýle görnüşdäki çäre çagalar üçin hem niýetlenip, Mary şäherindäki “Algoritm” okuw merkezinde howanyň üýtgemegi boýunça çagalaryň milli konferensiýasy geçirildi. Oňa Mary şäheriniň orta mekdepleriniň we okuw merkezleriniň 12-17 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmenleri “Howanyň üýtgemegi we Türkmenistanyň çagalary” atly mowzuk boýunça çagalara düşnükli hem-de täsirli bolmagy üçin oýun görnüşindäki prezentasiýany görkezdiler. Çykyşlarda çagalar global ýylylyk, bugarmak hadysasy, energiýany tygşytly ulanmak we daşky gurşawy goramak baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. 

Mary şäherinde geçirilen nobatdaky Ýaşlar maslahaty ählumumy ekologik meseleleri çözmekde ýaşlaryň işjeňligini ýene bir gezek subut etdi.

Şeýle hem bu barada okaň: Turkmenportal

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Ýaşlar syýasaty bölümi


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address