Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Täze “Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ” atly okuw kitaby çap edildi

24.10.2025

716

Täze “Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ” atly okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy B.Bekmyradowyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitaby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlendi.

Bu okuw kitabynda metrologiýanyň esasy adalgalary we kesgitlemeleri, fiziki ululyklaryň hem-de birlikleriň ulgamy, nätakyklygyň nazaryýeti, ölçegiň netijelerini işläp taýýarlamak ýaly meselelere seredildi. Şeýle-de, kitapda ölçegiň nätakyklygy, fiziki ululyklaryň birlikleriniň nusgalary (etalonlary), ölçegiň usullary, serişdeleri we olaryň görnüşleri barada degişli materiallar berilýär. Okuw kitabynda standartlaşdyrmagyň we sertifikatlamagyň esaslary, kanuny metrologiýa, hili dolandyrmaga we ony barlamaga degişli bolan kwalimetriýa meselelerine degişli giňişleýin maglumatlar berildi. 

Bu okuw kitabyny ýokary okuw mekdeplerinde metrologiýa we ölçeg ulgamyna degişli hünärler boýunça okaýan talyplara, şeýle-de metrologiýa gullugyndaky we döwlet kabul ediş edaralaryndaky ölçeg bilen işleýän işgärlere hem hödürlemek bolar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address