
News
94

2024-nji ýylyň 2-6-njy sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda “BeregA” atly ýaşlaryň bilim forumy geçirildi. Hazarýaka ýurtlary – Türkmenistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan we Gazagystandan öňdebaryjy ýaşlar bilen bir hatarda, foruma Belarus Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýaşlaryny hem gatnaşdy.
Türkmen ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň düzümi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň wekillerinden ybarat boldy.
Ýokary guramaçylykly geçirilen esasy üç ugry: “BeregA-Master”, “BeregA-Çagalar” hem-de ýörite ugur – “Hazarýaka ýurtlarynyň öňdebaryjy ýaşlary” diýen mowzuklary öz içine aldy.
Forumyň gün tertibine laýyklykda esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige, şeýle-de sebitde ykdysady ösüşiň iň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaklyga aýratyn üns berildi. Syýahatçylary özüne çekijiligi babatynda Hazar sebitini çalt depginde ösdürmek we ony tanatmak üçin netijeli işleri durmuşa geçirmek meselelerine seredildi.
Forum syýahatçylyk we dynç alyş pudagynda täze gözýetimleri açmaga, şeýle hem ýaş telekeçiler üçin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýänligini bellemek bolar.
Bulardan başga-da forumyň çäginde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri tarapyndan “ARKTI” atly taslama taýýarlandy. Taslamany taýýarlamakda türkmen ýaşlarynyň wekiliýeti aýratyn tapawutlanyp, olaryň teklipleri forumyň guramaçylary tarapyndan iň köp seslere eýe boldy. Netijede, türkmen ýaşlarynyň Astrahan oblastynyň Gubernatory bilen duşuşygy guraldy. Duşuşykda bu taslama barada pikir alyşyldy. Taslama hazarýaka ýurtlaryny has-da birleşdirmäge we sebitiň ýaşlaryny daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çärelere giňden çekmäge niýetlenendir. Çünki daşky gurşaw kadalaryny berjaý etmek, janly-jandarlaryň saglygyna täsir edýän suwuň we topragyň hapalanmagynyň öňüni almak häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar.
Üstünlikli geçirilen forum ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hem-de giň gerime eýe bolan halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň, aýratyn-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýaşlaryň işi boýunça Federal agentliginiň arasyndaky Ähtnamanyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýaşlar syýasaty bölümi