
News
106

Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, bu bäsleşigiň ýokary derejede, şowhunly hem-de guramaçylykly geçmegi babatda ýakyndan beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşan, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleri hökmünde biziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri ajaýyp aýdym-sazlar bilen şöhratlandyrmak, parahatçylygy, dostlugy belentden wasp etmek hem-de dabaralandyrmak, täze döredijilik üstünlikleri bilen milli aýdym-saz sungatymyza mynasyp goşant goşmak baradaky mähirli arzuwlaryňyz, Garaşsyz Diýarymyza, Watanymyzyň beýik Ogullary bolan Milli Liderimize hem-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bereketli tylla güýzüniň bu ajaýyp gününiň uly dabaralara, şatlyk-şagalaňa beslenen pursatlary biziň ýadymyzda hemişelik galar. Goý, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bagtly çagalygyň ýurdy we ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan Garaşsyz Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, berkarar döwletimiziň at-abraýy, şan-şöhraty has-da beýgelsin!
Hormatly Prezidentimiz!
Biz gülläp ösýän berkarar döwletde, ajaýyp döwürde, eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar nesillerdiris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň döwrebap bilim we terbiýe almagymyz, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmagymyz, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertler döredilýär. Şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda ak mermere örtülen ajaýyp binalar bolan orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeni-dynç alyş, sport merkezleriniň sany yzygiderli artýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde welaýatlarymyzda çagalar baglarydyr orta mekdepleriň birnäçesiniň dabaraly açylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de, hormatly Prezidentimiz, Siziň ady-ňyzdan birinji synpa barýan okuwçylara kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaş nesil barada döwlet derejesinde edýän aladalaryňyzyň ajaýyp miweleridir. Bu nusgalyk işler, yzygiderli aladalar biziň kalbymyza ylham berýär, ylym-bilime, döredijilige, zähmete bolan höwesimizi artdyrýar, täze güýç-gaýrat berýär. Milli Liderimiziň «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygaryna hem-de Siziň nusgalyk göreldäňize eýerip, biz gowy okamak, gurmak, döretmek bilen, berkarar ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşarys, Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götereris.
Eziz Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Garaşsyz döwletimiziň bagtyýarlyga beslenen täze taryhy döwründe ýetilýän belent sepgitlere, biziň her birimizi belent maksatlaryň töweregine birleşdirýän tutumly işlere, halkara derejede ykrar edilen üstünliklere guwanjymyz hem-de buýsanjymyz çäksizdir. Siziň nusgalyk işleriňizden, her bir jümlesi pähim-paýhasly taglymatlara ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzdaky «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleri durmuş şygaryna öwürmek, ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjy berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişmek baradaky gymmatly taglymatlaryňyzdyr öwütündewleriňizden ugur alyp, eziz Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimiz, Size bolan buýsanjymyzy çaga kalbymyzdan joşup çykýan aýdym-sazlarymyza siňdirýäris. Siziň gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan Watanymyzda ýaş nesil baradaky aladalaryňyz biziň şatlygymyza şatlyk goşýar. Döredijilik we zehin taýdan kämilleşmegimiz, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirmegimiz üçin döredýän giň mümkinçilikleriňiz kalbymyza ylham berýär, aýdym-saza, bilimlere, döredijilige bolan höwesimizi has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz! Size zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynyň ýokary derejede geçmegi babatda ýakyndan beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin ýene-de bir gezek hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň: «Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr» diýip, bize bildirýän uly ynamy-ňyzdan ruhlanyp, Garaşsyz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli ukyp-başarnygymyz, güýç-gaýratymyz bilen yhlasly bilim alarys, hünär öwreneris, aýdym-sazlarymyz, sungat eserlerimiz bilen Garaşsyz Diýarymyzyň, zähmetsöýer halkymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny belentden ýetireris. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiz rowaç, şan-şöhraty-ňyz hemişe belent bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Sizi çuňňur hormatlamak bilen.
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň
merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar
"Türkmenistan"
07.09.2024ý. №226