
News
75

Anna güni, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezine Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan koreý dili boýunça okuw kitaplarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Innowasiýa maglumat merkezi bilen Milli maglumat agentligi bilen özara baglaşan ylalaşyk esasynda Innowasiýa maglumat merkeziniň çäginde döredilen “Maglumat elýeterlilik merkezi” ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, mümkinçiligi çäkli hem-de pensiýa ýaşyndaky raýatlar üçin kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlary gurnaýar.
Koreý dili boýunça okuw kitaplary sowgat hökmünde gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Merkez bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bilim ulgamyna degişli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dabaranyň dowamynda Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan myhmanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabarany jemlemek bilen gatnaşyjylaryň ählisi şeýle halkara dostlukly hyzmatdaşlygyň ösmegine, güneşli ýurdumyzyň geljekki ykbalyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny gerdenine alyp biljek ylymly, bilimli, sowatly ýaşlary terbiýelenip ýetişmegine döwlet tarapyndan ähli şertler döredilmegine ýardam edýän, bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmeginiň başyny başlan Gahryman Arkadagymyza we şu beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Çeşmesi: Orient