
News
95

Russiýa Federasiýasynda her ýylyň 6-njy iýunynda rus diliniň güni we meşhur şahyr A.S.Puşkiniň doglan güni aýratyn bellenip geçilýär. Şu mynasybetli rus dili mugallymlarynyň arasynda geçirilen XXIV Halkara Puşkin bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan 239 iş hödürlenip, şolaryň 50-si ýeňiji hökmünde yglan edildi.
XXIV Halkara Puşkin bäsleşiginde ýeňiji bolan rus dili mugallymlarynyň arasynda biziň Türkmenistan döwletimizden Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Gülbahar Asadullaýewa we Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Jahan Amirkulowa hem bar. Olar häzirki wagtda, ýagny 2024-nji ýylyň 3-9-njy sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde guralýan ýörite çärelere gatnaşýarlar. Şol çäreleriň çäklerinde “Русская газета” gazetiniň edara binasynda XXIV Halkara Puşkin bäsleşiginiň ýeňijileri bilen bu bäsleşigiň Guramaçylyk toparynyň başlygy, “Русская газета” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Ýadwig Ýuferowanyň gatnaşmagynda “Пушкин — наше всё. Нужен ли гений новому поколению?” atly tegelek stoluň başynda pikir alyşmalar guraldy hem-de rus ýazyjylary Pawel Basinskiý we Mihail Wezel bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Şeýle hem bäsleşigiň ýeňijileri üçin Moskwa şäheriniň gözel ýerlerine — “Зарядье” seýilgähine, “Красная площадь”, “Манежная площадь” diýen ýerlerine medeni gezelençler guraldy.
Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri bilen guralýan çäreler dowam edýär.
Gülbahar Asadullaýewa,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki
24-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy