
News
161

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde klimatyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Maslahata Balkan welaýatynyň ähli ýerlerinden ýaşlar gatnaşyp, onda häzirki döwürde klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly öňde durýan meseleleri çözmekde ýaşlaryň pikirleri diňlenildi.
Çärä BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili jenap Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri, 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, eko-işjeň agzalar, hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky çarçuwaly Konwensiýasynyň ähmiýeti, Hazar deňziniň ekologiýasyny energetika ulgamynyň galyndylaryndan, şol sanda zyýanly gazlardan, uglerod galyndylaryndan gorap saklamakda täze tehnologiýalardan peýdalanmak barada pikir alyşyldy.
Maslahata gatnaşyjy ýaşlar birnäçe işjeň toparlara bölünip, bölümçelerde dürli temalardan çykyş etdiler. Toparlara berkidilen bilermenler ýaşlara duşuşyklaryň maksady we wajyplygy hem-de şeýle olaryň teklipleriň Türkmenistanyň adyndan taýýarlanjak Ýaşlar beýannamasyna giriziljekdigi barada belläp geçdiler.
Klimatyň üýtgemegi boýunça geçirilen bu ýaşlar konferensiýasy özara pikir alyşmalaryň merkezi bolup, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseläni çözmekde täze-täze pikirleriň, meýilnamalaryň ýüze çykmagyna getirdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Ýaşlar syýasaty bölümi