
News
91

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda ýurdumyzda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri we ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeleri kesgitlemek boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda 2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda; ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda; 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi.
Täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalary kämilleşdirilmelidir, mekdepler okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmelidir diýip belläp geçdi we okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi bilen "Türkmenistan" gazetiniň 13-nji iýulyndaky sanynda çap edilen goşundy arkaly giňişleýin tanyşyp bilersiňiz.