Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Täze  okuw  ýylyna  sowgat

03.09.2024

59

Täze  okuw  ýylyna  sowgat

Garaşsyz, baky Bitarap ýyrdumyzda ruhybelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir.

,,Pähim- paýhas ummany Magtymghuly Pyragy’’ ýylynda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň gülläp ösmegine we dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Eziz Diýarymyzyň diňe bir paýtagtynda, welaýat merkezlerinde däl, eýsem obadyr şäherlerinde döwrebap enjamlaşdyrylan çagalar baglary, mekdepler açylyp ulanylmaga berilýär. 

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar döwrebap binalarda  bilim we terbiýe alyp, öz ukyp başarnyklaryny artdyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk täze mekdep 2024-2025-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabrynda- Bilimler we Talyp ýaşlar güni baýramçylygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Täze mekdebiň açylyş dabarasyna Hormatly myhmanlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrabyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly hormatly ýaşulylar, ak saçly eneler, bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly hoşallyk sözleri, aýdym-sazly çykyşlary guraldy. Soňra Hormatly myhmanlar we dabara gatnaşyjylar täze mekdebiň toý lentasyny kesdiler.

Täze mekdep häzirkizaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, dünýäniň ösen tehnalogiýalary ornaşdyrylan mekdebinde çagalara bilim we terbiýe bermeklik üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Täze 2024-2025-nji okuw ýylynda bu mekdebiň 1-nji synpyna kabul edilen çagalara Hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çagalar bu mukaddes sowgat üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini goşgular bilen beýan etdiler.

Halkymyzyň aýdyň geljegi, parahat durmuşy üçin taýsyz tagallalary edýän, ýaş nesle okamaga, bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-yurt bähbirli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Jennet Rejepowa

Hojambaz etrap bilim bölüminiň müdiri.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address