Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar

04.07.2024

95

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar

Şu gün Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilýän wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar. 

Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-niň agza döwletleriň hem-de bu Guramanyň synçylaryň we dialog boýunça hyzmatdaşlaryň derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary çagyryldy. 

ŞHG-niň hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasydygyny ýatladýarys. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdan häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen tagallalary birleşdirmekden syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şu ýyl ŞHG-de Gazagystan Respublikasy başlyklyk edýär. 


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address