Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Aşgabat şäheriniň matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 2025-2026-njy okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň “Bitaraplyk” binasyndaky muzeýlere edilen gezelenç

07.01.2026

590

Aşgabat şäheriniň matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 2025-2026-njy okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň “Bitaraplyk” binasyndaky muzeýlere edilen gezelenç

 Aşgabat şäheriniň matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň agzybir okuwçylary we mugallymlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň başynda ýagny, 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Bitaraplyk binasyndaky muzeýlere gezelenç guraldy.

 Bu gezelençde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan muzeýleriň taryhy maglumatlary we onuň içindäki milli gymmatlyklarymyz bilen taryhy barada giňişleýin maglumatlary mekdebimiziň mugallymlary okuwçylara gürrüň berdiler. Gezelenjiň dowamynda okuwçylar Bitaraplygyň taryhyny görkezýän eksponatlar we taryhy maglumatlary özünde jemleýän sergiler bilen ýakyndan tanyşdylar. Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda Bitaraplyk binasynyň içinde görkezilýän resminamalar, fotosuratlar we eksponatlar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe sebit howpsyzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmän, eýsem bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň kepili bolup durýandygyny, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna ýardam edýändigini doly derejede görüp öwrendiler.

 Gezelenjiň ahyrynda  Aşgabat şäheriniň matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň mugallymlary, şeýle-de okuwçylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ak arzuwlaryň hasyl boljak, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä ýaýjak ýyllaryň biri bolmagyny we Türkmenistan diýarymyza parahatçylyk, rowaçlyk we uly üstünlikler getirmegini, şeýle-de okamaga, öwrenmäge, döretmäge  giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aşgabat şäheriniň matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address