
News
100

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky 2/28467 belgili hatyna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynda ýaşlar boýunça tanyşdyryş maksatnamasy bilen bagly geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 21-27-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynda tanyşlyk saparynda boldy. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýaşlar wekiliýetlerini alyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralan bu sapara Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Oba hojalyk, Medeniýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň, Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22-nji awgustynda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynyň Szýaýuguan şäherinde bolup, günüň birinji ýarymynda şäheriň Szinta uýezdindäki gorag tokaý taslamasyna baryp gördüler. Bu ýerde taslamanyň çäginde çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmekde hytaý bilermenleriniň tejribesini öwrenmäge mümkinçilik döredildi. Günüň ikinji ýarymynda wekiliýet agzalary «Szýugan polat» zawodynyň hem-de Simu süýt önümleri kärhanasynyň işi bilen tanyşdylar. Şol gün agşam bu şäheriň häkiminiň orunbasary bilen tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykdan soň türkmen wekiliýeti üçin şäheriň taryhy ýerlerine gezelenç gurnaldy.
2024-nji ýylyň 23-24-nji awgustynda türkmen ýaşlaryndan düzülen wekiliýet Gansu prowinsiýasynyň Çžanýe şäherinde bolup, ol ýerde ýerasty suwlaryň öndürilişini kadalaşdyrmak boýunça taslama, Gançžou raýonynyň Maçžan obasynda ýerleşýän organiki gök önümleriň ammaryna, Şennun kömelek kärhanasyna, nusgalyk Suçžan obasyna, Çžanýe Dansa milli geoparkyna, Gansu Wanžuý oba hojalyk tehnikalary kompaniýasyna we Çžanýe Çžaounyň oba hojalygynyň ösüşi kompaniýasyna aýlanyp gördüler.
2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda wekiliýet Şandan atçylyk fermasynda bolup, ol ýerde hytaý atlaryny synladylar. Bu fermanyň ýolbaşçylary ahal-teke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
2024-nji ýylyň 26-27-nji awgustynda Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Dunhuan çeperçilik muzeýine, suw çarhlarynyň sergi parkyna, Gansu prowinsiýasynyň muzeýine, Haýmo ylmy-tehniki kompaniýasyna, Lançžou nebit-himiýa korporasiýasyna we Lançžounyň täze etrabynda ýerleşýän häzirki zaman oba hojalygynyň nusgalyk parkyna aýlanyp gördüler. Şeýle-de, wekiliýet agzalary Lançžou uniwersitetinde bolup, hytaý medeniýeti we Gansu prowinsiýasy barada umumy sapaklara gatnaşdylar, rus dilini öwrenýän talyplar we mugallymlar bilen duşuşyp, pikir alyşdylar.
Günüň ahyrynda Gansu prowinsiýasynyň ýolbaşçylary bilen saparyň jemleri boýunça resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda prowinsiýanyň ýolbaşçylary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň dowamynda gazanylan üstünlikleri, durmuşa geçirilen işleri kanagatlanma bilen belläp, bu tanyşlyk saparynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işlere özboluşly goşant boljakdygyna, has wajyp ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, umumy bähbitleri ilerletmek üçin şertleri döretmekde bu gezekki tanyşlyk saparynyň oňyn täsirleriniň boljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň agzalary hem öz gezeklerinde hytaý dostlaryna mähirli garşylandyklary, saparyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle-de iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmekde bu saparyň netijeli boljakdygyna ynam bildirýändiklerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň agzalary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we olar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde ýaşlaryň güýjüne uly ynam bildirýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Ýokary we orta hünär bilimi bölümi.