Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda uly üstünlik gazandylar

19.02.2026

396

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda uly üstünlik gazandylar

2026-njy ýylyň 14-16-njy fewralynda Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen IWISE Global Final 2026 halkara bäsleşiginde türkmen okuwçylary uly ýeňiş gazandylar. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň arasynda ýurdumyzyň wekilleri jemi 12 medal (2 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç) eýelediler.

Esasy netijeler:

  • Altyn medal we "Iň gowy topar": Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Selim Begmyradow we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 9-nji synp okuwçysy Abdyljelil Patyşagulyýew ("Line Follower" ugry boýunça).
    • Kümüş medallar (6 sany): Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Abdullah Annaýew, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedkasym Annaýew, Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Saranur Annaýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Polat Saparow, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bilalkerem Berdiýew we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýsenem Akmyradowa.
    • Bürünç medallar (4 sany): Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ebubekir Berdiýew, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedulemin Annaýew, Arkadag şäheriniňýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Rahman Garrygulow we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gurbanmuhammet Magtymgulyýew.

Şeýle hem, Muhammedulemin Annaýew eminleriň ýörite baýragyna mynasyp görüldi.

Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robot tehnikasy boýunça gurnagynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň agzalaryna mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow ýolbaşçylyk etdiler. Gazanylan bu üstünlik ýurdumyzyň tehnologiýa we STEAM bilimindäki ýokary derejesini nobatdaky gezek subut etdi.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji

orta mekdebiniň müdiri

Nurguly Hallyýew

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address