Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça geirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

27.06.2024

213

Mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça geirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly bilim ulgamynda hem uly üstünliklere eýe bolunýar. Ýurdumyzda bilim alýan talyp ýaşlaryň, okuwçylarynyň hem-de bilim işgärleriniň döwlet we halkara derejelerinde gazanýan üstünlikleri muňa aýdyň mysal bolýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli yglan eden 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik ýokary guramaçylyk ýagdaýda geçirildi. 

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky buýrugy bilen tassyklanan Mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşigi geçirmegiň Düzgünnamasyna laýyklykda geçirildi. Bu düzgünnama laýyklykda bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany zehinli 6-14 ýaşly mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar öz zehin başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň birinji gününde mental arifmetikanyň “Zehin senenamasyny hasaplamak”, “Mental kwadrat kök almak”, “Ýatdan goşmak”, “Ýatdan köpeltmek” görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň ikinji gününde mekdep okuwçylary mental arifmetikanyň “Flaş anzan marafony” görnüşi boýunça zehinlerini, ukyplaryny açyp görkezmegi başardylar. Bäsleşigiň geçirilýän döwründe oňa gatnaşýan okuwçylar Aşgabat şäheriniň gözel künjeklerinde gezelençde boldular. Bäsleşigiň açylyş we ýapylyş dabaralarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.

Netijede, zehinli mekdep okuwçylarymyz tarapyndan bu bäsleşigiň çäginde mental arifmetikanyň 4 görnüşi boýunça milli rekordy täzelendi. Bu bolsa häzirki döwürde milli bilim ulgamynyň ösüşini aýdyň görkezýär. 

Bäsleşigiň Eminler toparynyň gelen netijesi esasynda, Mental arifmetikanyň 

- “Ýatdan köpeltmek (8x8)” görnüşi boýunça 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Berdiýewa Liwanur, 2-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Batyrow Mekan, Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral;

- “Ýatdan kwadrat kök (alty belgili) almak” görnüşi boýunça 1-nji orna hem-de Milli rekorda Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Berdiýewa Liwanur, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 49-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kakaýewa Leýli, 3-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 6-nji synp okuwçysy Şahanow Hojanazar;

- “Ýatdan goşmak” görnüşi boýunça 1-nji orna hem-de Milli rekorda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Bahadurow Eldar, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral, 3-nji orna Aşgabat şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Saparow Kerim;

- “Zehin senenamasyny hasaplamak” görnüşi boýunça 1-nji orna hem-de Milli rekorda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Nurgeldiýew Mekan, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral, 3-nji orna Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Durdymämmedow Ibrahim Hikmet;

- «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça

6 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Gurbandurdyýew Bekgi, 2-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Gurbanow Gurban, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Saşliýew Imam;

7 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 11-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Amanowa Aýgül, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Bahadurow Mirali, 3-nji orna Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Zelenskiý Emil;

8 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky iňlis dili we takyk derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Berdimuhammedow Emir, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Jumayew Hajy, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Nyýazdurdyýew Ramazan;

9 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna hem-de Milli rekorda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Nurgeldiýew Mekan, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ýusupowa Aýgül, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 38-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Begenjow Rowaç;

10 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Şahanow Hojanazar, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Maşdyýew Hezret;

11 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çerkezow Ýeňiş, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 143-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ýusupow Allaguly, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 16-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Anwarow Döwlet;

12 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Merdanow Ýakub, 3-nji orna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherindäki ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Aşyrow Aýnazar dagylar mynasyp boldular.

Şeýlelikde, bu bäsleşikde ýeňiş gazanan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar, bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmeginde işjeňlik görkezen hünärmenlere Bilim ministrliginiň Minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz sag bolsunlaryny beýan etdiler. Ýaşlarymyzyň bilimli sowatly bolmaklary üçin alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň mydama rowaç almagyny arzuw etdiler.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address