
News
39

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň hepdeligi mynasybetli birnäçe meýilnamalaýyn çäreler geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda talyp ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegini, olaryň ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklara aýratyn sarpa goýup, geljek nesle ýetirmegini maksat edinip, kafedaranyň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe milli muzeýine göçme okuw sapagy gurnaldy. Göçme okuw sapagynyň dowamynda milli gymmatlyklary açyp görkezýän muzeý eksponatlary bilen tanyşdylar. Esasy üns ahal-teke bedewiniň häsiýetli aýratynlyklaryna we bedew esbaplaryna gönükdirildi. Göçme sapagyň dowamynda mugallymlardyr talyplar Miras teleýaýlymynda muzeý gymmatlyklarynyň galdyran täsiri barada interwýu bilen çykyş etdiler. Şeýle hem, şahsy kämilligi artdyrmak boýunça psihologik testleriň geçirilmegi, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bedew bilen bagly kitaplarynyň esasynda sorag-jogap alyşmak çäreleri işjeň häsiýete eýe boldy.