Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Innowasiýa maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplary sowgat etdi

06.09.2024

64

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Innowasiýa maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplary sowgat etdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek üçin döwlet syýasatynyň ýöredilýändigi gündelik durmuşymyzda aýdyň görünýär.

Bu syýasatynyň kämil netijeleriniň biri hem sentýabr aýynyň 6-na Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezine Merkeziň müdiriniň, hünärmenleriniň we Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda koreý dili boýunça okuw kitaplary sowgat hökmünde gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi bolup durýar.

Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.G.Hanmuhammedow we merkeziň hünärmenleri Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekillerini dabaraly garşyladylar. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan Ilçi jenap Ji Kýu-Tek we Ilçihananyň başga wekilleri hem geldiler.

Koreý dili boýunça okuw kitaplary sowgat hökmünde gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Merkez bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bilim ulgamyna degişli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça ara alnyp maslahatlaşyldy.

2021-nji ýyldan bäri hormatly Prezidentimiziň rugsady esasynda Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde Koreýa Respublikasy bilen bilelikde esaslandyrylan Maglumat elýeterlilik merkezi hem ynsanperwerlik ýörelgelere esaslanyp, pensiýa ýaşdaky raýatlarymyza we mümkinçiligi çäklendirilen çagalara tölegsiz esasda kompýuter sowatlylygy boýunça okuw kurslaryny hödürleýär, mundan başga-da Merkez Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barýar. 

Dabaranyň dowamynda Innowasiýa maglumat merkezi hem kitaplar üçin minnetdarlygyny bildirip, Koreý myhmanlaryna ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. 

Dabarany jemlemek bilen gatnaşyjylaryň ählisi şeýle halkara dostlukly hyzmatdaşlygyň ösmegine, güneşli ýurdumyzyň geljekki ykbalyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny gerdenine alyp biljek ylymly, bilimli, sowatly ýaşlary terbiýelenip ýetişmegine döwlet tarapyndan ähli şertler döredilmegine ýardam edýän, bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmeginiň başyny başlan Gahryman Arkadagymyza we şu beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address