
News
363

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 07-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 21.08.2024 ý. senedäki № 274 belgili “Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynda elektron mekdep (“e-Mekdep”) dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak we peýdalanylyşynyň tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de gözegçiligi güýçlendirmek hakyndaky” buýrugy esasynda Aşgabat şäheriniň 131-nji mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.Hanmuhammedowyň we merkeziň hünärmenleriniň, şeýle-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy B.Annaýewiň, Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň müdirleriniň we jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda “e-Mekdep” dolandyryş ulgamynyň orta mekdeplerde ulanylyşy we dolandyrylyşy boýunça seminar maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.Hanmuhammedow maslahaty açyp, “Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipelerini öňe sürýär” diýip belledi. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ony halkara standartlaryna getirmek üçin alyp barýan syýasatynyň, işleriniň çäksiz wajyplygyny belledi. Aýratyn hem, täze 2024-2025-nji okuw ýyly üçin okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan «Bilim» syýasatynyň ýerine ýetirilmegine goşant goşmak merkezimiziň hem esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.
Şeýle-de maslahatyň barşynda “e-Mekdep” ulgamynyň işe girizilişi, umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ählisiniň doly sanly ulgama geçirilmegi üçin alnyp barylýan işler we öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde her bir hünärmeniň alyp barýan işiniň wajyplygy barada aýratyn aýdylyp geçildi.
Maslahaty jemlemek bilen umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynda “e-Mekdep” ulgamynyň ýöredilişiniň, ulanylyşynyň hilini artdyrmak we kämilleşdirmek boýunça degişli çözgütler kabul edilip, olary ýerine ýetirmek boýunça jogapkärler hem bellenildi.
Maslahata gatnaşanlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň dabaraly baýramçylyklarynyň biri bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze okuw ýylynyň dowamynda geçirilýän okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet we guramaçylyk işleriniň gerimi giňdigini, şeýle işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýändigini nygtamak bilen, bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmeginiň başyny başlan Gahryman Arkadagymyza we şu beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.