Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Körpelere baýramçylyk süýjilikleri gowşuryldy!

21.03.2026

956

Körpelere baýramçylyk süýjilikleri gowşuryldy!

   Bu gün türkmen halky Milli Bahar baýramyny-Halkara Nowruz günini ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylanýar. Gadymy döwürlerinden bäri Nowruz baýramy tebigatyň janlanmagyn, ýaşaýşyň täzelenmegini alamatlandyrýar. Baharyň gelmegi bilen daş töweregimizdäki ähli zat gözümiziň alnynda özgerýär, reňbe-reň gül açýar, zemin ýaşyl begrese bürenýär. Köpetdagyň dag etekleriniň ajaýyp tebigy gözelligi, ösümlikleriň we gülleriň ysy bark urýan arassa howa hemmeleriň göwnüni göterýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý medeni mirasynda mynasyp orun eýeleýän bu ajaýyp baýramyň köpasyrlyk däp-dessurlary täze mazmuna eýe bolýar. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklary görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär. Şeýle şatlykly hem baýramçylyk gününde, Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar Bahar baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan iberilen, dürli datly miwelerden, süýjilik we beýleki näz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlary tüýs ýürekden kabul etdik. Bu garaşylmadyk begençli pursatda biz diýseň begendik.

   Bagtyýar körpelerdir çagalar iberilen baýramçylyk sowgatlaryny uly ruhubelentlik we çäksiz hoşallyk bilen kabul etdiler. Körpeler datly sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny aýdymdyr tanslar, labyzly goşgular arkaly beýan etdiler. Şanly toýlar mynasybetli belent sahawatlylyk bilen sowgatlaryň paýlanmagy asylly we sogap işleriň biridir. Munuň özi jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. 

BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan

Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 

 okuwçysy Begmyradowa Arzuw

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address