Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Innowasiýa maglumat merkeziniň Türkmenabat bölüminiň açylyş dabarasy

09.09.2024

102

Innowasiýa maglumat merkeziniň  Türkmenabat bölüminiň açylyş dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen her bir ýyl ýurdumyzyň raýatlary üçin uly üstünliklere beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen dabaralanýan şu ýyl hem Innowasiýa maglumat merkezi üçin üstünlikli ýyllaryň biri bolup durýar.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 09-na Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 32-nji orta mekdebinde Innowasiýa maglumat merkeziniň Türkmenabat bölüminiň açylyş dabarasy geçirildi.

Şowhunly geçirilen açylyş dabarasyna Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.Hanmuhammedow we merkeziň hünärmenleri, Türkmenabat Baş bilim müdirliginiň bilim bölüminiň hünärmenleri, orta mekdepleriň müdirleri, mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan sanly bilim syýasatyndan ýörelge alyp, täze açylan Innowasiýa maglumat merkeziniň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Türkmenabat bölümi ýokary okuw jaýlarynda, orta-hünär okuw mekdeplerinde, orta bilim mekdeplerinde okatmagyň innowasion usullaryny girizmek, häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryň ulanylşyny öwretmek maksady bilen bilim edaralaryň mugallymlaryna we hünärmenlerine, hem-de raýatlarymyza halkara standartlara laýyk gelýän okuw kurslaryny okatmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde diňleýjiler öz islegine laýyklykda, irdenki, öýlänki ýa-da agşamky okadylýan sapaklary saýlap bilerler.

Diňleýjileriň okuw bilen sagdyn durmuş ýörelgesini sazlaşykly alyp barmaklary üçin Innowasiýa maglumat merkezinde bäsleşikli ýaryşlary we medeni-agşamlary wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin yzygiderli geçirilip durýar.

Türkmenabat bölümi hem raýatlarymyza iňlis, rus, arap, koreý, nemes dilleri we başga-da ynsanperwer hem-de takyk dersler boýunça okuw kurslaryny hödürleýär.

Dabarany jemlemek bilen myhmanlaryň we dabara gatnaşanlaryň ählisi bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmeginiň başyny başlan Gahryman Arkadagymyza we şu beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Şeýle-de okaň: Turkmenportal; Turkmenistan Altyn asyr

Innowasiýa maglumat merkeziniň Türkmenabat bölüminiň telefonlary:

+993 71 398905;

+993 71 652284. 


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address