Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

«Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy çap edildi

23.03.2026

910

«Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy çap edildi

Häzirki wagtda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzy hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan «Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysynyň 3-nji neşiriniň çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi bu ugurda anyk mysallaryň biridir. Täze neşir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar.

Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen bu ýygyndyda institutyň 2025-2026-njy okuw ýylyndaky magistrlik okuwlarynyň sanly diplomatiýa, seljeriş we strategik meýilleşdiriş, gündogary öwreniş, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, halkara arbitraž we işewürlik hukugy, halkara ykdysadyýeti we syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlarynyň magistrantlarynyň öz hünärine degişli alyp barýan magistrlik ylmy-barlag işiniň temasy bilen baglanyşykly bolan ylmy makalalary ýerleşdirildi.

Makalalarda häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýasynyň, halkara hukugynyň, analitika hem-de strategik seljeriş işleriniň, halkara ykdysady gatnaşyklaryň, internet žurnalistikasynyň derwaýys meselelerine, Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatiýasyna, syýasy taryhyna we ykdysady ýagdaýyna bagyşlanylan temalar esasy tutýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli amala aşyrylýan, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy strategiýamyzyň we milli diplomatiýamyzyň parahatçylygy dörediji kuwwaty anyk mysallar arkaly beýan edilýär.

Jemläp aýdanyňda, ýygyndyda ýerleşdirilen makalalar halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny içgin öwrenýän talyplar we ýaş alymlar, şeýle-de häzirki zamanyň derwaýys meseleleri bilen gyzyklanýan bilermenler, hünärmenler üçin möhüm ylmy-amaly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address