Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Gyz görki saçda, gül tahýasy başda bolar» atly bäsleşigikde III – orna mynasyp boldy

26.03.2026

799

Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Gyz görki saçda, gül tahýasy başda bolar» atly bäsleşigikde III – orna mynasyp boldy

Ýurdumyzyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy senelere beslenýär. Gülden görkli, asylly türkmen gelin-gyzlary bolsa, owadan ülkämizde geçýän toý-baýramlaryny bezeýär.

Şonuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda gelin-gyzlaryň arasynda baý many-mazmunly bäsleşikler, medeni-dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Köpçülikleýin medeni çärelere işjeň gatnaşýan we tapawutlanýan zenanlar baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Ýakynda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Merjen Baýramgylyjowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň gurnamagynda geçirilen «Gyz görki saçda, gül tahýasy başda bolar» atly bäsleşigine gatnaşyp III – ornuna mynasyp boldy.

Bäsleşik Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite hünär okuw mekdeplerinde we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan uzyn saçly gyzlaryň arasynda geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Çeşmesi: ORIENT

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address