Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Gülüň owadan

19.03.2026

46

Gülüň owadan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew Batly at - myradyň mekany” ýylynda bahar baýramy-Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän dürli çäreleriň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-12-nji synpynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda 2026-njy ýylyň 19-njy martynda “Gülüň owadan” atly gül çemenini bogmak we bilesigelijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde geçdi.

Bäsleşikde türkmen gyzlarynyň gözellik dünýäsini döredip bilmek başarnyklary ýüze çykaryldy. Oňa gatnaşan okuwçy gyzlar öz ýanlary bilen taýýarlap getiren güllerini atlandyryp, mahabatlandyryp görkezdiler. Soňra bäsleşigiň şertine laýyklykda täze gülleri ýasap taýýarladylar. Olar taýýarlan gülleri üçin gerekli esbaplary ýerlikli ulanmagy başardylar we taýýar güllerine “Ejeme sowgat”, “Mylaýym”, “Ýaz gülleri”, “Ilkinji gülüm”, “Çemen” ýaly atlary goýdular.

Bäsleşik ilkinji gezek geçirilip, oňa  gatnaşyjylaryň ählisi işjeň gatnaşyklary üçin etrabyň bilim bölümi tarapyndan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap geňeşi tarapyndan sowgatlar bilen sylaglandylar. Sylaglary Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň müdiri M.Täçmämmedow gowşurdy. 

Bäsleşikde Garaşsyz hemişelikBitarap Watanymyzyň ýaş nesilleri uly buýsançlar bilen ruhlanyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza müň kerem sagbolsunlary aýtdylar. Goý, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belen başlary aman bolsun!

Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň Baş hünärmeni Äşe Hanalyýewa

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address