Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmenistan bilim ulgamynda halkara standartlaryna ygrarlylygyny görkezýär

27.03.2026

345

Türkmenistan bilim ulgamynda halkara standartlaryna ygrarlylygyny görkezýär

Düýn Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini Türkmenistanyň bilim ulgamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Ol, aýratyn-da, bu işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, hanym Jannini ýurduň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamyndaky halkara konwensiýalaryna goşulmak boýunça ädýän işjeň ädimlerini nygtady. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara standartlaryna ygrarlydygynyň we bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilýändiginiň subutnamasydyr.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda inklýuziw we ýokary hilli bilimi ösdürmekde, sanlaryşdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde gazanan uly üstünliklerini belledi.

Döwrebap we bäsleşige ukyply bilim ulgamyny ösdürmekde özgertmeleri yzygiderli ilerletmekde we strategik ugruny üpjün etmekde ýurduň ýolbaşçylygynyň tutýan orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we amaly gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Çeşmesi:Türkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address