Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmen talyp gyzlary rus dili boýunça halkara olimpiadada I we II orunlary eýelediler

27.03.2026

344

Türkmen talyp gyzlary rus dili boýunça halkara olimpiadada I we II orunlary eýelediler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Rus dili we edebiýaty» hünäriniň 4-nji okuw ýylynyň talyby Läle Rzagulyýewa bäsleşikde I orna mynasyp boldy.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Günorta-Ural döwlet uniwersitetinde okaýan Dildora Bahtiýorowa II orny eýeledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Olimpiadanyň çäklerinde gyzlar beýleki daşary ýurtly talyplar bilen bilelikde leksika, grammatika we fonetika boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip, rus diliniň gurluşyna we ses aýratynlyklaryna çuňňur düşünýändiklerini görkezdiler.

Umuman, olimpiadanyň tabşyryklary özboluşly häsiýete eýe bolup, gatnaşyjylardan diňe bir rus dili boýunça bilimleri däl-de, eýsem zehinliligi, döredijilikli çemeleşmäni, dürli çeşmeler bilen işlemek ukybyny, neýroulgamlary we emeli aň gurallaryny ulanmak başarnygyny hem talap etdi.

Bäsleşigiň üç derejesi boýunça jemi 7 sany I orunlary eýelänler kesgitlenip, olaryň arasynda türkmen talyp gyzy hem bar.

Russiýanyň Sibir federal uniwersiteti tarapyndan guralan bu bäsleşikde Russiýanyň 40 ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden ynsanperwer we beýleki ugurlarda okaýan 320 talyp, şeýle-de 31 ýurtdan 53 uniwersitetiň 159 talyby gatnaşdy.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şu ýyl daşary ýurtly gatnaşyjylaryň iň köp bölegi Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Ekwador we Hytaý ýaly döwletlere degişlidir.

Çeşmesi:Türkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address