
News
13

“Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni” mynasybetli “Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlaryň ýaş nesillerde ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekdäki orny we olary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň usullary” atly degişli maslahatlary bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde nobatdaky ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligini gurady.
Maslahatda Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlarynyňwe ylmy işgärleriniň hem-de öňdebaryjy baý iş tejribesi bolan mekdep mugallymlary – Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymynyň hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň ýokary derejeli mugallymynyň çykyşlary diňlenildi.
Çykyş edenler Nowruz baýramynyň diňe bir baýramçylyk däl, eýsem terbiýeçilik ähmiýeti ýokary bolan milli mirasdygyny aýratyn bellediler. Olar başlangyç synplarda okuwçylara Nowruz baýramynyň mazmunyny düşündirmekde döwrebap okuw usullarynyň giňden ulanmak boýunça maslahatlary berdiler.
Hususan-da, maslahatda çykyş eden tejribeli mugallymlar Nowruz baýramyny suratlar, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda interaktiw usullary ulanmak, sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmak arkaly öwretmegiň netijelidigini nygtadylar. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlaryň gadymylygyny, ruhy gymmatyny taryh, edebiýat sapaklarynda türkmen-pars dil gatnaşyklarynyň üsti bilen ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji şahsyýetler hökmünde terbiýelemekde boýunça degişli usuly maslahatlary berdiler.
Maslahatda çykyş edenler ýaş nesillere eziz Diýarymyza, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda bilim-terbiýe bermekde giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulşat Durdyýewa
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we
kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiň müdiri