Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Bazarlary bezeýän harytlar

29.08.2024

225

Bazarlary bezeýän harytlar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde ýetip gelýän täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görülýär. Mekdep bazarlary diýseň köp adamly bolup, okuw esbaplaryna, egineşiklere, aýakgaplara aýratyn isleg bildirilýär. Şunda egin-eşik önümçiligi bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň hem mynasyp paýy bar. Bu ugurda tejribe toplan düzümleriň biri-de «Dowamly özgeriş» kärhanasy bolup, onda uly ýaşly adamlaryň ýyly sütükli gyş eşikleri, okuwçylaryň penjek, jalbar, köýnek toplumlary tikilip, alyjylara ýetirilýär. Önümçilige ornaşdyrylan döwrebap tikin maşynlary eginbaşlaryň dünýä ül-ňülerine laýyk gelmegine şert döredýär. Okuwçylar üçin niýetlenen köýnekleriň, jalbardyr penjekleriň her günde 800-den gowragy tikilýär. Şeýle-de sport egin-eşikleri müşderilere hödürlenýär. Harytlary mekdep bazarlaryndan elýeterli bahadan alyp bolýar.

Aýakgap barada gürrüň edilende, öňi bilen, ýurdumyzda ilkinji bolup aýakgap öndürip başlan, 2003-nji ýylda işe girizilen «Röwşen» hususy kärhanasynyň önümçiliginde Italiýanyň döwrebap enjamlary ulanylýar. Arassa gönden tikilýän aýakgaplar ykjamlygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Her aýda 15 müň jübüte çenli aýakgap öndürilip, olar uly ýaşly adamlar, zenanlar, mekdep okuwçylary üçin niýetlenendir. Mekdep bazarlarynyň halkymyza hyzmat edýän döwründe «Röwşen» hususy kärhanasy okuwçylar üçin aýakgaplarynyň bahasyny belli bir derejede arzanlatdy. 1-nji awgustda yglan edilen arzanladyş 5-nji sentýabra çenli dowam eder. Ýurdumyzyň çäginde kärhananyň 30-dan gowrak dükany halka hyzmat edýär.

Türkmen işewürleri mekdep okuwçylarynyň depder önümçiligini hem ýola goýdular. «Ussat halypa» hususy kärhanasy 2017-nji ýyldan bäri depder öndürmek bilen meşgullanýar. Bu ýerde her aýda 4 million okuwçy depderi söwda nokatlaryna ugradylýar.

Akmyrat NURALYÝEW. 

“Türkmenistan”

29.08.2024ý. №218


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address