
News
301

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesliň sanly ulgamdan we innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin giň gerimli bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Belarus Respublikasynyň Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2017-nji ýylda gol çekilen Ähtnamadan geilip çylýan wezipeleri döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmeklik dowam etdirilýär we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 31-nji martynda uniwersitetde Belarus tarapynyň sanly ulgam arkaly geçiren “Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary: gazanylan üstünlikler, meseleler, innowasiýalar (IKT-2026)” atly IV Halkara ylmy-amaly maslahatynyň birinji we üçünji bölümçeleriniň işleri bilelikde geçirildi. Halkara ylmy-amala maslahata uniwersitetimiziň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplary, daşary ýurt kompaniýalaryň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda iki ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Maslahatda iki döwletiň bilim edaralarynyň sanly tehnologiýalara geçmek boýunça durmuşa geçirýän ulgamlaýyn işleri, bilim ulgamynyň barha artýan sanly ösüşiniň depginleri hem-de bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Maslahata gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlarynda bilim ulgamynda, täze tehnologiýalary oýlap tapmak işinde bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlyk işleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, bilim ulgamyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde hünärmenler babatda ägirt uly mümkinçilikler bardygy bellenip geçildi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama laýyklykda halkara ylmy-amaly maslahatyň “Maglumat ulgamlary we programma üpjünçiligini işläp düzmek tehnologiýalary” atly birinji we “Önümçilik prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagy we dolandyrylmagy” atly üçünji bölümleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalar merkezinde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sanly özgertmeleriň we ähli ulgamlara innowasiýalary çekmegiň işjeň tarapdary bolmak bilen, iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmäge hem-de özleşdirmäge açykdygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, emeli aň adamzadyň dünýä akyl ýetirip başlan döwründen başlap, häzirki wagta çenli toplanan maglumatlara, ylmyň soňky gazananlaryna daýanyp, olary seljermäge, netije çykarmaga hem-de tehnologiýalardyr robot tehnikalaryny dolandyrmaga ukyplydyr.
Ylym-bilim ulgamyna ýuwaş-ýuwaşdan aralaşýan emeli aň gysga wagtyň içinde köp işleri ýeňilleşdirýar. Sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylýan döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýaşlara öwretmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak işleri döwrebap derejede ýola goýulýar. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilýän tehnikalardyr, tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýän ýaşlarymyz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýarlar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasynda ylym-bilim, tehnika we innowasion tehnologiýalar ulgamynda daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara düzümleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardygy bellenildi we bu babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözleri beýan edildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti