
News
11

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak” hünäriniň mugallymlary we talyplary “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň ugrundaky Türkmenistanyň Energetika minsitrligine degişli bolan “Ahal” döwlet elektrik stansiýasyny gaz bilen üpjün edýän Awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy desgasyna bardylar.
Bu desgada talyplara magistral gaz gazeçirijiden alnan tebigy gazy ulanyjylara niýetlenen basyşa çenli sazlanyp, gazy düzüminindäki mehaniki garyndylardan arassalanyp, ony bellenen temperatura çenli gyzdyrylyp, mukdaryny hasaba almak bilen ulanyjylara paýlamak işlerini ýerine ýetirilýändigini göçme sapagyny geçmek arkaly giňişleýin düşündirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti