Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

AELLCA maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary üçin guralýan okuwlar üstünlikli dowam edýär

03.04.2026

655

AELLCA maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary üçin guralýan okuwlar üstünlikli dowam edýär

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini halkara ölçeglere laýyk getirmek hem-de pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, Britan Geňeşligi tarapyndan durmuşa geçirilýän Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäklerinde okuwlar üstünlikli alnyp barylýar.

Bu bilim taslama Beýik Britaniýanyň Norwiç dil bilimi instituty (NILE) bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar we ilkinji gezek Türkmenistanda synag (pilot) görnüşinde ornaşdyrylýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin esasy bilim ojagy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty saýlanyp alyndy. Bu bolsa institutyň daşary ýurt dillerini okatmak boýunça ýokary derejeli tejribä eýedigini we PRESETT (Pre-Service Teacher Education) hem-de INSETT (In-service Teacher Training) ulgamlarynda öňdebaryjy orun eýeleýändigini görkezýär.

Institut daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary yzygiderli geçirip gelýär. Şeýle-de bolsa, AELLCA bilim taslamasynyň çägindäki INSETT okuwlary özboluşly aýratynlyga eýedir. Bu taslama laýyklykda, Britan Geňeşligi tarapyndan taýýarlanan ýörite okuwlary üstünlikli tamamlan institutyň tälimçi-mugallymlar tarapyndan orta mekdepleriň iňlis dili mugallymlary üçin 50 sagatlyk okuwlar guralýar.

Okuwlar Britan Geňeşligi we Beýik Britaniýanyň Norwiç dil bilimi instituty (NILE) tarapyndan işlenip taýýarlanan okuw maksatnamasy we okuw-usuly materiallarynyň esasynda alnyp barylýar. Bu materiallar mugallymlara iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullaryny we çemeleşmelerini has çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Okuwlaryň interaktiw we hyzmatdaşlyga esaslanýan görnüşde geçirilmegi gatnaşyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrýar. Toparlaýyn işler, “jigsaw” usuly, pikir alyşmalar, seljeriş we refleksiýa ýaly dürli iş görnüşleri mugallymlaryň diňe bir nazary bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem öz tejribelerini ylmy taýdan seljerip, täze bilimleri amaly taýdan ulanmagyna giň ýol açýar.

Bu taslamanyň esasy maksady iňlis dilini öwrenmegiň derejesini ýokarlandyrmak we ony has çaltlandyrmak bolup durýar. Şol sebäpli hem okuwlaryň dowamynda mugallymlar häzirki zaman pedagogiki çemeleşmeleri özleşdirip, okuw prosesine üstünlikli ornaşdyrýarlar.

Okuwlary üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara halkara derejeli bilelikdäki şahadatnama gowşurylar. Bu şahadatnama Britan Geňeşligi, NILE – Norwiç Dil bilimi instituty hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan bilelikde tassyklanar.

Gatnaşyjylaryň ýokary işjeňligi we täze bilimlere bolan uly gyzyklanmasy bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. INSETT ulgamynyň bu synag tapgyry üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, onuň geljekde has giň gerimde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address