Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgeleri babatda wagyz-nesihat çäresi

06.04.2026

625

Sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgeleri babatda wagyz-nesihat çäresi

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyna kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň başynda uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory Handurdy Handurdyýew öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň howpsuzlyk ýaşaýyş durmuşyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini talabalaýyk ýola goýmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda aýratyn belläp geçdi hem-de bu günki wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylary we hormatly myhmanlary duşuşygyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy. Çykyş edenler öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzda bilim alýan, zähmet çekýän ýaşlarymyza döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýändigini, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn işleri esasynda ýaşlar syýasatyna uly ähmiýet berilýändigi barada aýdyp geçdiler. Çykyşlaryň dowamynda çykyş edýänler Gahryman Arkadagymyzyň, Arakadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladalara, döredilip berilýän giň mümkinçiliklere jogap edip, zyýanly endiklerden daşda durýan, berk bedenli, sagdyn ruhly, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmelidiklerini, ýurdumyzyň ösüş badyna hem öz mynasyp goşantlaryny goşmalydyklaryny we geljekki nesillere hem görelde bolmalydyklaryny berk nygtap geçdiler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address