
News
179

Selbi BABAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— 2024-nji ýyl meniň üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ýüregimde beslän arzuwym hasyl boldy, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby bolmak bagty maňada miýesser etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma men örän begenýärin. Şeýle bagta mynasyp bolan talyp deňduşlarymyň hem buýsançlarynyň çägi ýok. Ýaş kalbymyzda beslän arzuwlarymyzyň iň esasysy hasyl boldy. Bu ýaşlar üçin uly bagt. Biz her bir ädimde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalaryny duýýarys. Biz ýokary okuw mekdebinde dünýäniň öňdebaryjy tejribe usullary arkaly bilimleriň täze gözýetimlerine aralaşarys, dil öwreneris, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanyp, zehinimizi taplarys.
Halkymyzyň aýdyň geljegi, parahat durmuşy üçin taýsyz tagallalary edýän, bize okamaga, bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymy zyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Zyýada DÖWLETMYRADOWA, Türkmen döwlet ykdysady ýet we dolandyryş institutynyň talyby:
— Bagtyýar zamanamyzda ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Dünýä ülňüleri ne laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaşlaryň dünýä ylymlaryndan habarly bolmagy üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna şaýatlyk edýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Bu ýylda talyp bolup, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bosagasyndan ätlemek bagty maňa hem miýesser etdi. Bilim öwrenmek bagtyna tüýs ýürekden buýsanýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryna, ündew--nesihatlaryna uýýan ýaşlar aýdyň maksatlara, röwşen geljege sary ynamly gadam urýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim öwrenmek, kämil hünärmen bolmak asylly maksatlarymyzdyr. Şeýle maksatlar döredijilikli işlere ruhlandyrýar.
Parasatly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, Watanymyza wepaly, gerekli hünärmen bolup ýetişmek üçin yhlasymyzy, zehinimizi gaýgyrmarys.
Aýşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby:
— «Bagt hemişe seniň ýanyňda, ony duýmagy başarmaly» diýýärler. Meniň pikirimçe, şol bagt — eziz Watanymyzyň goýnunda ýaşamakdyr, bilim öwrenmekdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýürekdäki arzuwym hasyl boldy. Bu ýyl meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyl boldy. Maňa saýlap alan ugrum boýunça Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi.
Akademiýada atçylyk ulgamynda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etjek, bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma buýsanjymyň, begenjimiň çägi ýok.
Biz — ýaşlara ýokary bilim almaga, ýüregimizde besleýän hünärlerimiziň eýesi bolmaga uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Kemal KAKABAÝEW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, grek-rim göreşi boýunça sport ussatlygyna dalaşgär.
— Çagalykdan göreş tutup, pälwan bolmak ýüregimde beslän iň esasy arzuwlarymyň biridi. Gadymy Durun obamyzyň çagalary hem ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, sporta diýseň höwesek ýaşlar. Menem sport mekdebine gatnamagy arzuw etdim. Şol höwes bilen 1nji synpda okaýan wagtym Bäherden etrabynyň sport mekdebine gatnap başladym, tejribeli tälimçileriň elinde grekrim göreşi boýunça türgenleşdim. Tälimçim Parahat Amanowyň irginsizlik bilen öwredýän dürli emellerini özleşdirdim. Ýurdumyzda geçirilen ýaryşlaryň ençemesinde baýrakly orunlara mynasyp boldum.
Olimpiýa oýunlarynyň hataryna girýän grek-rim göreşi boýunça tejribämi artdyrmak maksady bilen, 7-nji synpy tamamlanymdan soň, ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän «Olimp» orta sport mekdebinde türgenleşiklerimi dowam etdirdim. Bu ýerde tälimçilerim Berdimyrat Saparmyradowyň, Aýmämmet Oraşowyň tutanýerli alyp barýan türgenleşikleri meniň hasda taplanmagyma mümkinçilik berdi. Sport mekdebinde okaýan ýyllarymda iki gezek Türkmenistanyň çempionatynda, bir gezek bolsa, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky bas gançagyna çykmagy başardym. Birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baý tejribe topladym. Eziz Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak, halkara ýaryşlarda çykyş etmek üçin hem me döwrebap şertler döredilen. Ajaýyp döwrümizden ruhlanyp, talyp bolmak bagty maňada miýesser etdi.
Döwletjan ŞATLYKOW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uni-wersitetiniň 1-nji ýyl talyby:
— «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Ýigit görki — hünär» diýen pähimleri döreden pederlerimiziň sargytlaryna eýerýän ýaşlarymyz ylym-bilim öwrenýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma diýseň buýsanýaryn.
Men mekdepde okan ýyllarym S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň geçirýän bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdym. Şu ýyl informatika dersinden guralan ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji boldum. Bu üstünligim maňa kalbymda beslän arzuwyma ýetmäge — talyp bolmagyma kömek etdi. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine informatika dersi boýunça gatnaşyp, 2021-nji ýyldan bäri üstünlik gazanyp gelýärin. Geçen ýyl bu bäsleşigiň döwlet derejesinde ýeňiji boldum.
Diýarymyzda ýaşlaryň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagy internet arkaly geçirilýän halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasyndaky internet ders olimpiadalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ýaryşlarda, internet olimpiadalarynda ýüzlerçe medal gazandylar. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy guraldy. Men geljekde-de şeýle bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy maksat edinýärin.
"Mugallymlar gazeti"
28.08.2024ý. №70