Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

OLIMPIADANYŇ GÜNDELIGI

10.04.2026

1127

OLIMPIADANYŇ GÜNDELIGI

Şu gün merjen paýtagtymyz Aşgabatda 2026-njy ýylyň 8 – 13-i aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen matematika dersi boýunça III halkara olimpiada iňlis dilini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdepde ir säherden öz işini dowam etdirdi.

Köpýyllyk iş tejribeden görnüşi ýaly, halypa mugallymlar, alym pedagoglar matematika dersiniň okuwçylara ýeňil düşmeýändigini belleýärler. Dogrudan-da, matematika iň kyn hem takyk dersleriň biri hasaplanýar. Okuwçylar bu derse uly gyzyklanma, bilesigelijilik, höwes bildirýärler. Olar diňe bir okuw kitaplaryndaky meseleler, mysallar, ýumuşlar bilen çäklenmeýärler, durmuşy ýüze çykmalar bilen delillendirilen matematiki ýumuşlary çözmäge ýykgyn edýärler. Munuň şeýledigini okuwçylar matematika dersi boýunça guralýan olimpiadalarda tabşyrylýan ýumuşlary çözenlerinde has-da ýiti duýýarlar. Mugallymlar okuwçylaryň bu ýagdaýyna oňat düşünýärler. Şonuň üçin mugallymlar käbir formulalaryň, meseleleriň, mysallaryň düşündirilişiniň ýönekeýleşdirilen usullaryny gözleýärler. Olar şeýle gözlegleri okuwçylaryny bäsleşiklere taýýarlanlarynda has-da işjeňleşdirýärler.

Ine, şeýle aladalar bilen matematika dersi boýunça III halkara olimpiada gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky iňlis dilini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebe gelendiklerini olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar bellediler.    

Şu gün – 10-njy aprelde mekdep okuwçylarynyň matematika dersi boýunça III halkara olimpiadasyna gatnaşyjylar ady agzalan mekdepde Bilim ministrliginiň jogapkär işgärleri, eminler toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan mähirli garşylandylar.

Okuwçylar bäş sagadyň dowamynda şahsy bäsleşige gatnaşyp, özlerine berlen ýumuşlary işlediler. Bäsleşik tamamlanandan soň, günortanlyk nahar berildi we dynç alyndy. Dynç alyşdan soň, myhmanlar paýtagtymyzyň dag etegindäki “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde olara dünýäniň ýurtlarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň, meşhur şahsyýetleriniň heýkelleri, dag eteginiň peýzažy, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asmana uzaýan heýkeliniň ýurduna düşýän nurana nazary we beýleki täsinlikler myhmanlarda ýagşy ýatlamalary galdyrdy.

                                                                                             “Bilim” žurnaly

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address