Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Talyp türgenler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 10 medal gazandylar

28.08.2024

84

Talyp türgenler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 10 medal gazandylar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Gazagystan Respublikasynyň Şymkent şäherinde geçirilen jiu-jitsu boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu çempionaty 17 medal bilen tamamlady. 

2024-nji ýylyň 16-18-nji awgusty aralygynda guralan ýaryşda Marýam Wafaýewa (kontakt görnüşi) bilen Aýnur Kullyýewa (kontakt görnüşi) altyn medala mynasyp boldy. Marýam Wafaýewa jiu-jitsunyň newaza we kombat görnüşlerinde kümüş medal gazandy. Aýnur Kullyýewa bolsa newaza görnüşindäki çykyşyny bürünç medal bilen tamamlady.

Güljan Nurgeldiýewa (kontakt görnüşi), Suraý Gökgäýewa (kontakt görnüşi) we Aminat Guwanjowa (newaza görnüşi) ýaryşy kümüş medal bilen jemledi. Şeýle-de, Merkezi Aziýanyň çempionatynda Suraý Gökgäýewa newaza görnüşinde bürünç medala, Aminat Guwanjowa hem kontakt görnüşinde bürünç medala eýelik etdi.

Çeşmesi: Türkmen Döwlet Bedenterbiýe we Sport instituty


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address