
News
307

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alanyna taryhy taýdan kän wagt geçmedigem bolsa, parahatçylyk söýüjilikli daşary saýaty, ykdysady babatda depginli ösüşi, medeni taýdan özboluşly ýol-ýörelgesi bilen dünýäde özüni ykrar etdirdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýet babatda näderejede ösýändigini, neneňsi ykdysady kuwwata eýedigini geçen — 2023-nji ýylda birinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berlen «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri subut edýär.
Bu şäher Gahrymn Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalry esasynda Aşgabat şäheriň 30 km günorta-günbatarynda Köpetdagyň ajaýyp eteginde emele geldi. Arkadag şäherinde gurlan özboluşly, milli aýratynlygy özünde jemleýän «akylly» binalar gözelligi bilen bu ýere gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar.
«Şäher» adyna eýe bolmak üçin dolandyryş, söwda, senagat, medeni merkez hem-de köp ilatly ýer bolmagy şertdir. Bary-ýogy 4 ýylyň içinde emele gelen bu şäherde dürli pudaga degişli gurlan binalar sanardan köp. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp ba ryl ýar.
Hyzmatlar
«Ýaşyl» energetika aýratyn üns berilýän Arkadag şäherinde ilata ýaşaýyş-durmuş hyzmatlary ýokary derejede alnyp barylýar. Mysal üçin, bu ýerde ýaşaýanlara hem-de gelýän myhmanlara ekologik taýdan zyýansyz elektrobuslar, elektrotaksiler hyzmat edýär. Olarda «Duralga» we «Ynamly taksi» ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredilipdir. Şeýle hem ýol töleglerini we onlaýn buýurmalaryny nagt däl görnüşinde amala aşyrmak üçin terminallar ornaşdyrylan. Şaýollarda jemgyýetçilik ulagy üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmegi hem ýolagçylar üçin amatlyklary döredýär.
Şäheriň halkara ülňülerine laýyk gelýän ýol-ulag düzümi bardyr. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir.
Ýurdumyzda ilkinji gezek Arkadag şäherinde «123» belgili täze ulgam ulanmaga berildi. Bu ulgamyň esasy aýratynlygy telefon arkaly ýangyn howpy, lukman tiz kömegi we beýleki ähli gyssagly ýüz tutmalary degişli gulluklara dessin ýetirmek ukybydyr. Ulgam döräp biläýjek heläkçiligiň öňüni almaga niýetlenendir.
Arkadag şäheriniň ýerüsti geçelgeleri hem ýaşaýjylara özboluşly hyzmaty hödürleýär. Mümkinçiligi çäkli, gartaşan adamlar ýerüsti geçelgelerden geçenlerinde liftleriň kömeginden peýdalanyp bilýärler. Liftler mümkinçiligi çäkli, gartaşan adamlara ýoluň beýleki tarapyna geçmäge uly ýeňillik döredýär.
«Akylly» şäheriň döwrebap mümkinçilikleriniň hatarynda «akylly» wideogözegçilik ulgamlaryny görkezmek bolar. Bu wideo gözegçilik ulgamy ýaşaýyş jaýlaryny, edaralary hem-de beýleki binalaryň töweregini, köçeleri we ýollary sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklamagy ýeňilleşdirýär.
Medeniýet ulgamy
Arkadag şäherinde ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň ylym-bilim almaklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin niýetlenen birnäçe desgalary bar. Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasy, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry özüniň hyzmatlary, sahnaly çykyşlary hem-de gadymy ýadygärlikleri bilen bu ýere gelenleriň arzyly mekanyna öwrüldi.
Saglyk
«Akylly» şäheriň saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary hem iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Özünde birnäçe desgalary birleşdirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi doga maýyp, saglyk ýagdaýy pes çagalary bejermek üçin niýetlenendir. Merkez özünde edara binasyny, 150 we 100 orunlyk iki sany çagalar bagyny, sagaldyş-dikeldiş bölümini jemleýän toplum bolup, onuň umumy meýdany 16,3 gektara barabardyr.
Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi geljekki başarnykly lukmanlary ýetişdirýän bolsa, 350 orunlyk Köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi «akylly» şäheriň saglyk ulgamyny emele getirýär.
Ýaşaýyş jaýlary
Häzirki döwürde dünýäde intellektual aň ulgamy giňden ýaýraýar. Ol adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirip, wagtlaryny tygşytlamaga uly mümkinçilik döredýär. Arkadag şäherinde bu ulgam «akylly jaý» konsepsiýasy esasynda gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda we 2 gatly kottejlerinde ornaşdyrylandyr. Bu intellektual ulgam internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini uzak aralykdan, mysal üçin, smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar toguň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamy ornaşdyrylyp, ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.
Bilim we sport
Bu şäherde ýaşaýjylaryň, ylaýtada, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin bilim edaralarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşjak ukyp-başarnykly ýaşlary ýetişdirýär. Şeýle hem dürli derslere ýöriteleşen orta mekdepler bilen bir hatarda, her biri 320 orunlyk, körpeleriň edep-terbiýe almaklary üçin ähli amatly şertler döredilen çagalar bakja-baglarynyň 10-sy hereket edýär.
Şäherde bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň gurulmagy dürli ýaşdaky raýatlaryň, spor tsöýüjileriň sagdyn bedenli bolmaklary üçin giň mümkinçilik döredýär.
Arkadag şäheriniň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we desgalaryň gurluşygynda ýaş nesli terbiýelemäge, olara bilim bermäge we sazlaşykly ösmegine degişli meselelere aýratyn üns berlendigini bellemek gerek.
"Watan"
27.08.2024ý. №69