
News
106

Ýaşlar — ýurduň geljegi. Olar öz bilimdir başarnyklary bilen ykdysady ösüşlere goşant goşup, jemgyýetiň öňe gitmegine ýardam berýärler. Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygy we parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmakda ýaşlara uly orun berilýär. Birleşen Milletler Guramasy hem ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ideallaryny has giňden ýaýratmaga çagyrýar. Şundan ugur alyp, guramanyň Türkmenistanda hereket edýän ýöriteleşdirilen düzümleri-de soňky wagtlarda ýaşlar bilen bagly wezipeleri alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Golaýda BMG-niň paýtagtymyzdaky edara binasynda geçirilen okuw maslahaty-da munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Okuw maslahaty Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada jenaýatçylykly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ilerletmek» atly sebitleýin taslamanyň çäginde ýurdumyzyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guraldy. «FutureSkills4All» başlangyjyna gatnaşýan ýaşlaryň üstünliklerine syn bermäge hem-de ýakynda yglan edilen «Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamaga bagyşlanan bu çäre öz bilimdir başarnyklary bilen jemgyýetiň ösüşine goşant goşmaga höwesek ýaşlary bir ýere jemledi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy guramanyň Bilimler taslamasy bilen hyzmatdaşlykda «FutureSkills4All» başlangyjyna goşuldy. Ýurdumyzda ýaşlardyr zenanlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu başlangyja ýaşlaryň 660-a golaýy gatnaşýar. Öňdebaryjy «Coursera» onlaýn bilim platformasyna elýeterlilik almak bilen, olar häzirki wagtda has köp talap edilýän hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin dürli öwrediji programmalardan peýdalanyp bilýärler. Şunda ýerli bilermenleriň maslahat berip, halypalyk etmegi ýaşlara kynçylyklary ýeňip geçmek endigini gowulandyrmaga, durnuklylygyny ýokarlandyrmaga oňyn mümkinçilik döredýär. «Coursera» ählumumylaşma, emeli aň, sanly başarnyklar, buhgalter hasaby, marketing, maglumat tehnologiýalaryny goldamak, bulutlaýyn hasaplamalar, kiberhowpsuzlyk, taslamalary dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, durnukly şäherler ýaly köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça onlaýn okuwlary hödürleýär. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatyna gatnaşan ýaşlar agzalan başlangyjyň çäginde alan bilimleri, özleşdiren tejribeleri baradaky pikirlerini paýlaşdylar.
— Biz ýaşlary barha çalt üýtgeýän zähmet bazaryna we bäsdeşlige ukyplylyga taýýarlaýan «FutureSkills4All» başlangyjyny goldaýandygymyza örän şat. Bu günki çärede oňa gatnaşan ýaş türkmenistanlylaryň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyk. Olaryň saýlap alan işine wepalylygy hem-de tutanýerliligi, hakykatdan-da, adamlary ruhlandyrýar. Ýaşlaryň bu başlangyjyň çäginde özleşdiren başarnyklarynyň ýurduň ösüşlerine goşant goşjakdygyna ynanýaryn — diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan aýdýar.
«Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklaryň bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanylmagy okuw maslahatynyň has gyzykly pursady boldy. Ýaşlaryň parahatçylykly dünýäni gurmaga, öz jemgyýetlerindäki oňyn özgertmelere nädip ýardam berip biljekdikleri hakyndaky garaýyşlaryny açyp görkezmek maksady bilen Ösüş maksatnamasy tarapyndan yglan edilen bu bäsleşik 14 — 18, 18 — 24, 24 — 35 ýaş derejesinde geçirildi. Hödürlenen 30-dan gowrak döredijilik işiniň arasyndan iň gowulary saýlanyp alnyp, Türkmenbaşy şäherinden Arslan Işmetow (14 — 18 ýaş), Aşgabat şäherinden Selbi Aşyrberdiýewa (18 — 24 ýaş) we Bagdagül Temimowa (24 — 35 ýaş) bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara dabaraly ýagdaýda şahadatnamalardyr baýraklar gowşuryldy.
Aýgül RAHYMOWA.
“Türkmenistan”
27.08.2024ý. №216