Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýeňiş güni mynasybetli ylmy-amaly maslahaty we döredijilik sergisi 

06.05.2026

1220

Ýeňiş güni mynasybetli ylmy-amaly maslahaty we döredijilik sergisi 

   2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.  

   Maslahatda «Beýik Ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligi – nesilleriň buýsanjy», «Türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşunda bitiren işleri», «Berdimuhammet Annaýew Watana wepalylygyň we edermenligiň belent nusgasydyr», «Watan gerçekleri unudylmaýar», «Beýik Ýeňiş – gahrymançylygyň we parahatçylygyň nyşany», «Watansöýüji ýaşlaryň döwlet ýörelgesi», «Kämil sungat eserlerinde Watanymyzyň gözel keşbi» atly temalar boýunça halypa mugallymlar we talyp ýaşlar çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenliginiň hormatlanylyp, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda bellediler.

   Ylmy-amaly maslahatynyň çäginde eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän döredijilik eserleriniň sergisi gurnaldy. Bu döredijilik sergide şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça asuda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny hem-de abadançylygyň mekanyna öwrülen, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň gülläp ösüşini wasp edýän ajaýyp eserler görkezildi. Ýürekleriň töründe orun alan şeýle ajaýyp döredijilik eserleri sergä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň mukaddes Watanymyza bolan belent söýgüsini şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address