Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen wekiliýeti Eýranyň Gülistan welaýatynda saparda bolýar

18.05.2024

118

Türkmen wekiliýeti Eýranyň Gülistan welaýatynda saparda bolýar

Ýurdumyzyň wekilçilikli topary Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynyň Gürgen şäherinde zyýarat sapary bilen boldy.

Munuň özi dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň görnükli wekilleriniň biri bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň we akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň taryhy ähmiýeti bolan wakalara hem-de ýatda galyjy pursatlara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gürgen şäheri welaýatyň edara ediş merkezi bolmak bilen, ol Hazar deňzinden 30 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär. Ýurdumyzyň çäginden geçýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň hem hut şäheriň üstünden geçýändigini bellemeli.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýakyn-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunda goňşy döwletler bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykmagynyň möhüm şertini emele getirýär. 

Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgam boýunça ösdürilmegi gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. 

Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň we ýerli medeniýet hem-de sungat wekilleriniň guramagynda ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çärelerde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi öz beýanyny tapdy. Şunda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. 

Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogaryň beýik söz ussady hökmünde ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna goňşy ýurtlarda, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynda hem uly ähmiýet berilýändigini bellemek ýakymly. 

Şol gün Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Onda akyldar şahyryň ýubileý dabaralaryny giňden ýaýbaňlandyrmak we şahyryň döredijilik dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address