Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNDAN:

26.08.2024

221

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNDAN:

Ynsanyň ylym-bilim almagy, kär edinmegi onuň ömrüniň bahary bolan ýaşlyk ýyllaryna gabat gelýär. Bu işde ýaşlar üçin amatly boljak ähli şertleri döredýäris.

Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.

Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr. 

Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. 

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris.

Men mekdep okuwçylarymyzyň döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna buýsanýaryn. Sebäbi kuwwatly döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen baglydyr. Şonuň üçin ýaş nesilleriň döwrebap ruhda terbiýelenmegi, okamagy we öwrenmegi üçin döwletimizde amala aşyrylýan beýik işler ýaşlaryň her biriniň ýüreginde söýgi, mähir döredýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtly, bagtyýar çagalaryň mekanydyr.  

Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlara döwrebap bilim öwredýändigini bellemegimiz gerek. Özi hem bu ýokary okuw mekdepleriniň binýady yzygider kämilleşdirilip durulýar, gerekli kitaplar, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Iň esasy hem ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary gurlup ulanmaga berilýär, bu işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

Biz orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgul bolýan ýaşlarymyz hakynda uly aladalary edýäris. Olaryň bilim başarnyklarynyň ösdürilmegi, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döredýäris.

Biz bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmelerimiziň oňyn netijeleri berýändigini arkaýyn aýdyp bileris. Munuň şeýledigini dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän ylym-bilim bäsleşiklerine ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşýandyklary we baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary aýdyň görkezýär. 

Men bagtyýar ýaşlarymyzyň okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, belent maksatlarymyza ýetmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýaryn.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address