
News
37

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüşli menzilleri, merdana halkymyzyň çüwen ykbaly ýyllardan-ýyllara ýol açyp, röwşen geljege sary diňe öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dowam edýän günlerinde berkarar döwletimiziň ösüşiniň rowana menzillerinde külterlän şöhratly ýoly görünýär. Bu ýollarda Garaşsyz Türkmenistan bedew bady bilen asyrlara barabar menzilleri aşdy, halkymyz asyrlar boýy ýüreginde göteren maksat-myradyna gowuşdy.
Ynha bu öňümizdäki günlerde hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda alty ýyllap bilim alan zehinli talyplaryň diplom gorag dabaralary ýokary guramaçylykly dowam edýär. Öz alan hünärlerindäki başarnyklaryny bir ýere jemleýän diplom işlerine ser salanymyzda «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Halyçylyk» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Altyn Çaryýewanyň «Eziz Watanymyzyň waspy» atly döreden haly eseri ilki bilen öňe saýlanýar. Eseri synlanyňda ilki bilen türkmen medeniýetiniň özeni bolan ak öýe gözüň düşýär. Ak öý diňe bir ýaşaýyş jaýy bolman eýsem maşgalanyň, mukaddes ojagyň we nesilleriň dowamatlylygynyň nyşanydyr. Ak öýüň ýokarky bölegi bolan tüýnük – maşgalanyň agzybirligini aňladýar, şonuň üçin hem türkmençilikde «Tüýnügiň anyk bolsun», «Ojagyň sönmesin» diýen ýaly dilegler halk köpçüliginde diýseň köp ulanylýar. Eseriň birinji planyndaky dutar, gyjak halkyň asyrlar boýy ruhy dünýäsiniň, kalbynyň heňňamlygynyň we dowam edip gelýän aýdym-saz medeniýetiniň nyşanyny, suratlandyrylan Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary ylyma-bilime, medeniýete we sungata goýulýan sarpany, eseriň arka planyndaky asuda asmanda gaýmalaýan kepderiler bolsa türkmeniň parahatçylygyny we dost-doganlygyny alamatlandyrýar.
«Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Keramika» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Baýram Çaryýewiň «Nagyşa siňen gözellik» atly küýze eseri hem öz köp gatlakly bezeg zolagy bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Küýzäniň ýokardan aşaklygyna daralyp gitmegi esere ýeňillik we sazlaşyk berýän bolsa, iki tarapyndaky tutawaçlary diňe funksional däl, eýsem taslamadaky deňagramlylygy üpjün edýär. Küýzäniň bezeg nagyşlaryna seredenimizde türkmen milli halk haly nagyşlary bilen ahalteke bedewiniň utgaşdyrylmagy bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşini alamatlandyrýar. Eserde esasan iki sany reňk agdyklyk edýär. Nagyşlaryň gara-goňur bezeg reňki bilen ýerine ýetirilmegi kontrast döretýär we nagyşlaryň aýdyň görünmegine mümkinçilik berýär. Bu tebigy reňkleriň ulanylmagy eseriň taryhy häsiýetini has-da güýçlendirýär. Umuman eser milli keramika däpleriniň häzirkizaman ekspozision çözgüdi bilen utgaşdyrylan, etnografik gymmatlygy we çeper estetiki täsiri özünde jemleýän gymmatly eserdir.
Her bir günümizi beýik ýeňişlere, uly üstünliklere besleýän, şekillendiriş sungatymyzy we medeniýetimizi ýaýratmaga, ruhy-medeni mirasymyzyň ähli ugurlaryny ylmy esasda öwrenmeklige itergi berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
MAÝA JUMANIÝAZOWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň uly mugallymy